Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri ýurduň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde alnyp barlan işler, şeýle hem harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda harby hünärmenleriň bilimini we tejribesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 8 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurduň goranyş häsiýetli harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir