Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine Awazada geçiriljek sammitine çagyryldy. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň geçiriljekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýany ýene bir gezek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Premýer-ministr Nikol Paşinýan çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi hem-de Ermenistanyň bu sammite işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.