Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparynyň (LLDCs) başlyklygyna saýlandy. Degişli karar toparyň Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleriniň derejesinde geçirilen duşuşygynda kabul edildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistan toparyň ähli agzalarynyň biragyzdan goldawy bilen başlyklyga saýlandy. Türkmenistanyň başlyklyk ygtyýarlyklary 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanar. Sebit toparlarynyň wekilleri hökmünde ýolbaşçylyk edarasynyň düzümine Azerbaýjan wise-başlyk, şeýle hem Laos, Burundi, Çad, Ruanda we Paragwaý saýlandy. Habarda Türkmenistanyň LLDCs toparynyň başlyklygyna saýlanmagynyň daşary syýasat babatynda möhüm üstünlik bolup durýandygy we halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan ýokary ynamyny görkezýändigi bellenilýär. Başlyklyk Türkmenistana iki ýylyň dowamynda toparyň işini utgaşdyrmaga, şol sanda ýurduň ileri tutýan energetika we ulag arabaglanyşygy ugurlary boýunça işleri alyp barmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk 32 ösüp barýan ýurduň bähbitlerine wekilçilik edip, 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde öňdebaryjy orny eýelär. Bellenilişine görä, ýolbaşçylyk edarasynyň düzümi 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek LLDCs ministrler duşuşygynyň jemleýji jarnamasy bilen hem tassyklanar. Şeýle hem şu ýylyň noýabr–dekabr aýlarynda BMG-niň Iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi adalardaky ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdirligi (OHRLLS) bilen bilelikde Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllardaky topar başlyklygy boýunça «ýol kartasynyň» taslamasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir