4-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähinde Özbegistan Respublikasynyň döwlet garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşdy. Gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan doganlyk özbek halkyna gutlaglaryny ýetirdi we iki ýurduň arasyndaky köp asyrlyk taryhy, medeni we ruhy gatnaşyklary aýratyn belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika, medeni we ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Iki döwletiň baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berýär. Aşgabatda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk kabul edişligi geçirildi Geldimyradow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdi. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1,2 milliard ABŞ-nyň dollaryna ýetip, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan 60 göterim artdy. 2026-njy ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda bolsa bu görkeziji 800 million ABŞ-nyň dollaryna golaýlap, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýedi aýynyň netijeleri boýunça Özbegistan Türkmenistanyň umumy daşary söwda dolanyşygynyň möçberinde 4-nji orny eýeleýär. Öz gezeginde Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Alimow iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ähmiýetini nygtap, döwlet baştutanlarynyň arasynda açyk we özara ynama esaslanýan dialogyň ýola goýlandygyny belledi. Ol özara haryt dolanyşygynyň eýýäm 1,2 milliard ABŞ-nyň dollaryndan geçendigini we ýakyn geljekde bu görkezijini 2 milliard ABŞ-nyň dollaryna ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Ilçi şeýle hem sebitara hyzmatdaşlyk taslamalarynyň durmuşa geçirilip başlanandygy, «Özbegistan — Türkmenistan» Işewürler geňeşiniň alyp barýan işleri we «Şawat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagynyň açylmagy barada maglumat berdi. Ol Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ýurduň daşary işler ministrligine we döwlet edaralaryna Özbegistanyň diplomatik wekilhanasynyň işine berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Baýramçylyk agşamy konsert maksatnamasy bilen utgaşdy. Onuň dowamynda türkmen sungat ussatlary myhmanlara özbek we türkmen aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Kabul edişlige gatnaşyjylar üçin özbek milli aşhanasynyň däplerine laýyklykda taýýarlanan saçak ýazylyp, myhmanlara dürli tagamlar hödürlendi.