Germaniýanyň Týubingen uniwersitetiniň alymlary haýsy guşlaryň saýramasynyň adam üçin ýakymly eşidilýändigini anykladylar. Ylmy-barlaglar adamlaryň, esasan, dürli görnüşli we o diýen gaty bolmadyk sesleri halaýandyklaryny görkezdi diýip, «Frontiers in Bird Science» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Sanawda ilkinji orunda gara jokjoky ýerleşdi. Alymlaryň sözlerine görä, olar «fleýtanyň sesine meňzeş ýumşak, köpöwüşginli» ses çykarýarlar. Ikinji orunda näzik we mylaýym saýraýan jikjiki, üçünji orunda dürli we şadyýan owazly garakelleli slawka guşy orun aldy. Ylmy-barlaglara 84 adam gatnaşdyryldy, olara Germaniýada giňden ýaýran ýabany guşlaryň 123 saýramasy diňledildi, şunda bahalar 1-den 5-e çenli kesgitlendi. Gara jokjoky ortaça 4,52 bal aldy. Iň ýakymsyz ses dazzarkeliňki bolup çykdy (1,32). Sanawyň soňunda arlaýan we horkuldaýan sesleri bilen tanalýan müsür gazy we çal hokgar ýerleşdi. Alnan maglumatlar alymlara seýilgäh zolaklaryny we hassahanalarda garaşylýan otaglar ýaly stres bilen bagly ýerleriň dizaýnyny gowulandyrmakda kömek berer diýip çaklaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir