Täjigistanyň paýtagtynda «Duşenbe diňini» gurarlar, onuň beýikligi 340 metr bolar. Bu barada «asiaplus.news» portaly habar berdi. Paýtagtyň Şohmansur etrabyndaky köpugurly binagärlik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy. «Duşenbe diňi» atly 77 gatly täze bina Merkezi Aziýada iň beýik bolar. Bu binagärlik toplumyna 52 bina, şol sanda bäş sany beýik diň hem-de sebitde iri söwda-dynç alyş merkezi girer. Taslamanyň çäklerinde 6160 öýden ybarat 42 sany ýaşaýyş jaýy, 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdep hem-de 500 orunlyk çagalar bagy gurlar. Umumy meýdany 29 gektar boljak toplumda häzirki zaman ýaşaýyş we işewürlik klasteri ýerleşip, ýaşamak, dynç almak üçin we hyzmatlar ulgamy ýerleşer. Binanyň gurluşygyna Russiýadan, Özbegistandan we Birleşen Arap Emirliklerinden kompaniýalar gatnaşarlar diýlip habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir