3-nji sentýabrda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň 20 wekiliniň gatnaşmagynda irki duýduryş ulgamlarynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ulanmak boýunça okuw seminaryny geçirdi. Bu barada ussatnews.com saýty habar berýär. MeteoSwiss we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) bilermenleri gurakçylyga gözegçilik etmek üçin ýerüsti gözegçilikleriň, hemra maglumatlarynyň we uzak möhletli howa çaklamalarynyň täzeden işlenen maglumatlarynyň bir bitewi ulgama birleşdirilişi barada giňişleýin maglumat berdiler. Seminara gatnaşyjylar tebigy betbagtçylyklara garşy çäre görmek boýunça Şweýsariýanyň ýolbaşçylyk komitetiniň (LAINAT) işi, şeýle hem dürli tebigy betbagtçylyklar barada Şweýsariýanyň irki duýduryş ulgamy bilen tanyşdylar. Ýewropanyň köpugurly meteorologik maglumat beriş maksatnamasynyň (EMMA) çäklerinde maglumatlary ýaýratmak bilen meşgullanýan guramalaryň orny aýratyn nygtaldy. Gatnaşyjylar, şeýle hem, täsirleriň seljermesine esaslanýan çaklama usuly (IBF) we IBF-iň awtomatlaşdyrylan guraly bilen tanyşdylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň merkezinde çäge we tozan hadysalaryna gözegçilik etmek arkaly töwekgelçiligiň ýokary bolan zolaklaryny kesgitlemek, gurakçylygy çaklamak hem-de aşa ýokary temperaturalar bilen bagly howa çaklamalaryny taýýarlamak meseleleri boldy.