Jorja Meloni Italiýanyň Premýer-ministri wezipesinde üznüksiz uzak wagtlap işlän syýasatçy hökmünde öňki Premýer-ministr Silwio Berluskoniden hem öňe saýlanmagy başardy. Ýagny syýasatçy zenan ýurdy 1412 gün bäri dolandyryp gelýär diýip, «Politico» neşiri habar berdi. Öňki konserwatorçy parlamentariý Italo Bokkino: «Onuň eýýamy 30 ýyla çeker» diýdi. Bokkino Meloniniň özüneçekijiligini onuň açyk ýüreklidigi bilen düşündirdi. Emma tankytçylar syýasatçy zenany durgunlaşan ykdysadyýeti janlandyrmaga ukypsyzlykda, pes zähmet haklary we migrasiýany azaltmak ugrundaky şowsuz synanyşyklarda günäkärleýärler. Muňa garamazdan, Meloni halkara syýasy giňişlikde ynam gazanmagy başardy diýlip, habarda bellenýär.