Ýaponiýaly merhum alym sümgürinmäni öwrenendigi üçin lukmançylyk ugry boýunça Şnobel baýragyny aldy. Bu barada baýragyň guramaçylaryna salgylanýan «ria.ru» habar berdi. «Lukmançylyk ugrundan baýraga merhum Tokudzi Unno «Nädip sümgürinmeli – sümgürinmäniň aerodinamiki öwrenilmegi» atly ylmy-barlaglar üçin mynasyp boldy» diýlip, baýragyň resmi portalynda yglan edildi. Himiýa ugry boýunça baýrak Hindistandan, Fransiýadan, Ýaponiýadan we ABŞ-dan bolan alymlar toparyna diri çaga dogurýan saçakçylaryň süýt beloklaryny öwrenendikleri üçin gowşuryldy, bu alymlar toparynyň ynandyrmagyna görä, saçakçylaryň süýt beloklary sygyrlaryňkyndan üç esse kuwwat berýär. Tenhologiýalar üçin baýrak Hytaýdan, Kanadadan, ABŞ-dan we Müsürden bolan alymlar toparyna gowşuryldy. Olaryň işiniň temasy çybynlaryň hortumyny 3D-printerler üçin ýokary takyk iňňe hökmünde ulanmak pikiri boldy. Braziliýadan we Awstraliýadan bolan alymlar topary bolsa, biologiýa ugrundan baýraga mynasyp boldular, olaryň işi zäherli ýylanlaryň bedeniniň dürli böleklerine usully basyp, haýsy ýerine basan çagyňda çakýandyklaryny öwrenmek boldy. Şnobel baýragy «ilki gülküňi tutdurýan, emma soňra oýlanmaga mejbur edýän ylmy-barlaglar» üçin gowşurylýar. Baýragyň guramaçylary şeýle işleriň her niçik bolsa-da, ylmy gymmatynyň bardygyny belleýärler.