Türkmenistanyň eminleri 2027-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň ýaşlar Kubogynyň (20 ýaşa çenli futbolçylar) saýlama tapgyrynyň birinji tapgyrynyň çäginde geçirilen Ýaponiýa bilen Kuweýtiň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga üstünlikli eminlik etdiler. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň baş emini halkara derejeli emin Resul Mämmedow boldy. Duşuşykda onuň kömekçisi hökmünde Ahmet Begnazarow hem işledi. «G» toparçanyň çägindäki duşuşyk 31-nji awgustda Kambojanyň Pnompen şäherindäki Milli olimpiýa stadionynda geçirildi. Duşuşyk Ýaponiýanyň futbolçylarynyň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmenistanyň milli federasiýasy türkmen hünärmenleriniň ýokary derejedäki işiniň olaryň halkara futbol arenasynda barha artýan abraýyny we hünär ussatlygyny ýene-de bir gezek tassyklandygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir