Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (20 ýaşa çenli) Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Taýlandyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda ýeňildi. Muňa garamazdan, türkmen ýygyndysynyň ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykmak mümkinçiligi saklanyp galýar. «F» toparçasynyň çäginde geçirilen duşuşyk Taýlandyň Çonburi şäherinde boldy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 57-nji minutda ýer eýeleriniň hüjümçisi Siwa Pikulhom geçirdi. Duşuşykda hasap açylmanka iki toparyň hem derwezä gol salmak üçin mümkinçilikleri boldy. Jakrapon Upakaranyň urgusyny Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezeçisi Yzzat Erkinow saklady, Siwakon Ponsanyň jerime urgusy bolsa derwezäniň kese agajyna degdi. Bu ýeňiş Taýlandyň ýygyndysy üçin BAE-niň milli ýygyndysyndan 1:0 hasabynda üstün çykyp başlan ýaryşyndan soňky yzly-yzyna ikinji ýeňşi boldy. Şeýlelikde, Jukkapant Punpiniň ýolbaşçylygyndaky ýygyndy toparçanyň tamamlanmagyna bir duşuşyk galanda iň ýakyn yzarlap gelýän toparlardan 3 utuk öňe saýlandy. Iki tapgyrdan soň Türkmenistanyň ýygyndysy 3 utuk bilen ikinji orunda barýar we bu orny 3 utuk toplan Yragyň ýygyndysy bilen paýlaşýar. Türkmen futbolçylary ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Ýragyň ýygyndysyndan Ýakupmuhammet Gowşudowyň we Weýisgeldi Orazdurdyýewiň geçiren gollarynyň netijesinde 2:1 hasabynda üstün çykypdylar. Toparçadaky jemleýji duşuşyklar 6-njy sentýabrda geçiriler. Şonda Türkmenistanyň ýygyndysy BAE-niň topary bilen duşuşar, Taýland bolsa Yrak bilen oýnar. Şu duşuşyklaryň netijelerine baglylykda Türkmenistanyň ýygyndysynyň toparçada ikinji orny saklap-saklamajagy kesgitlener. Ikinji orun bolsa jemleýji ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky göreşi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Aziýa Kubogy-2027-niň ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky saýlama tapgyryna jemi 31 topar gatnaşýar hem-de olar sekiz toparça bölünendir. Ýaryşyň jemleýji tapgyryna ýygyndylaryň sekiz ýeňijisi, ikinji orunlary eýelän iň gowy ýedi ýygyndy hem-de ýaryşyň ýer eýesi bolan Hytaýyň ýygyndysy — jemi 16 ýygyndy gatnaşar. U-20 Aziýanyň Kubogynyň jemleýji tapgyry 2027-nji ýylyň 24-nji martyndan 10-njy apreline çenli Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir