BMG-niň Baş Assambleýasy 29-njy awgustda bellenilýän Ýadro synaglaryna garşy hereket etmegiň halkara gününe bagyşlap mejlis geçirdi. Şeýle-de ol üç sany täze halkara gününi döretmek baradaky kararnamalary we ýerli halklary goldamak baradaky resminamany kabul etdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berýär. BMG-niň täze halkara seneleri: Planetany bagy-bossanlyga öwürmegiň halkara güni (22-nji aprel): Bu Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan öňe sürüldi we oňa 32 döwlet awtordaş hökmünde çykyş etdi. Resminama bagy-bossanlyga büremegiň we tebigy ekoulgamlary dikeltmegiň möhümdigi barada dünýä bileleşiginiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmegi, şeýle hem döwletleri, halkara we sebit guramalaryny, raýat jemgyýetini degişli çäreleri hem-de başlangyçlary geçirmäge höweslendirmegi göz öňünde tutýar. Ses berişlikde 140 döwlet goldady, birisi garşy çykdy, üçüsi saklandy. Howpsuz, ygtybarly we ynama mynasyp emeli aňyň halkara güni (31-nji awgust): Kararnama Täjigistan tarapyndan hödürlendi. Ol 2027-nji ýyldan başlap her ýyl belleniler. Resminama 144 döwletiň goldamagy arkaly kabul edildi, iki ýurt garşy çykdy we üçüsi ses bermekden saklandy. Ýitenleri gözlemek bilen meşgullanýan zenanlary ykrar etmegiň halkara güni (19-njy dekabr): Kararnama Siriýa tarapyndan hödürlendi we konsensus arkaly (ses berişliksiz) kabul edildi. Köp döwletleriň wekilleri üç Kararnamanyň kabul edilmegini goldasa-da, Kanada, Täze Zelandiýa, Awstraliýa, Argentina we Meksika ýaly birnäçe ýurtlar BMG-niň täze halkara günleriniň sanynyň aşa köpelmegi sebäpli alada bildirdi. Olar täze ýatlama seneleriniň wezipeleriň gaýtalanmagyna getirýändigini we onsuz hem ýüki ýetik bolan BMG ulgamyna goşmaça agram salýandygyny nygtady. ABŞ-nyň wekili täze halkara günlerini döretmek tejribesini «gerekmejek çykdajy» diýip häsiýetlendirdi, ýöne temanyň möhümligi sebäpli, ýitirim bolan adamlar baradaky Kararnamany aýratyn goldady. Ýerli halklaryň gatnaşygyny giňeltmek Beýleki meselelere seretmek bilen bir hatarda Assambleýa «Ýerli halklaryň wekilleriniň we olaryň wekillik institutlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň olaryň bähbitlerine degişli meseleler boýunça geçirýän mejlislerine gatnaşygyny giňeltmek» atly Kararnamanyň taslamasyny kabul etdi.