Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Köneürgenç» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlaryna içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy. Gezelenç ýurduň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi hem-de Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan bilelikde guraldy. Syýahatçylyk gezelenjine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Köneürgenç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary şeýle hem, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň işgärleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň garamagyndaky «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni taryhy hem-de medeni ýadygärlikleriň taryhy we ähmiýeti barada baý maglumatly gürrüňleri berdi.