Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mekdep okuwçylaryny, talyplary, mugallymlary we bilim ulgamynyň işgärlerini Bilimler we talyplar ýaşlar güni hem-de 2026–2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlady. Döwlet Baştutanynyň ýüzlenmesiniň teksti TDH tarapyndan neşir edildi. «Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bilim edaralarynyň gapylary giňden açylyp, jaň sesi belentden ýaňlanýar. Bu mukam täze okuw ýyly bilen birlikde, beýik geljegiň, uly üstünlikleriň, açyşlaryň ýaňydyr» – diýlip, ýüzlenmede aýdylýar. Türkmenistanyň Prezidenti öz gutlagynda baýramçylyga sowgat hökmünde bilim ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralarynyň taýýarlanandygyny belledi. Şunlukda, şu gün Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalary öz gapylaryny açýar. Şeýle hem welaýatlarda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary ulanmaga berilýär. Baýramçylyk mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, bedenterbiýe-sport we medeni çäreler geçiriler. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylary «Bilimli» noutbuk kompýuterlerini sowgat alar. Serdar Berdimuhamedow ýaşlary döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, sport we döredijilik ferstiwallarynda ýokary netijeleri gazanmaga çagyrdy. «Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir. Şoňa görä-de, ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki okgunly ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň jana-jan wezipesi bolup durýar» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Döwlet Baştutany mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegi, ylmyň gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri peýdalanmagy, şeýle hem döwrebap okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalary yzygiderli işläp taýýarlap durmagy maslahat berdi. Sözüniň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow okuwçylara we mugallymlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, okuwda we işde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir