Şu gün, 28-nji awgustda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň başynda diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen salamyny hem iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmak we birek-birege ynanyşmak esasynda alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle hem taraplaryň Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini we parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigi nygtaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylyp, Türkiýäniň Türkmenistanyň bu ugurda iri hyzmatdaşlarynyň biridigine üns çekildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde Hökümetara toparynyň we Işewürlik geňeşiniň eýeleýän orny aýratyn bellenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet, ylym hem sungat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak meseleleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda ilçi iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.