Nike kompaniýasynyň paýnamasy $38,44 çenli arzanlap, soňky 12 ýylyň iň pes derejesine düşdi. Bu barada Bloomberg habar berýär. Maýadarlar üçin bu ýyl kompaniýanyň taryhynda 1993-nji ýyldan bäri (şonda Maýkl Jordan ilkinji gezek basketboldan gidýänligi hakynda yglan edipdi) iň şowsuz ýyl hökmünde hasaba alyndy. Ýanwar aýyndan bäri kompaniýanyň kapitalizasiýasy 39% arzanlady. Ýeten iň ýokary görkezijileri bilen deňeşdirilende, kompaniýa, takmynan, 200 milliard dollar gymmatyny ýitirdi. Aladalanmaga sebäp döreden soňky ýagdaýlar sport harytlarynyň distribýutory bolan Dick's Sporting Goods kompaniýasynyň hasabaty çap edileninden soň ýüze çykdy (bu kompaniýanyň ähli satyn alyşlarynyň 31%-i Nike-yň önümlerine düşýär). Kompaniýa köpçülikleýin arzanladyşlar bilen baglylykda satuwlaryň azalandygyny habar berdi. Bu bolsa sport aýakgaplarynyň nusgawy modellerine bolan islegiň gowşaýandygynyň ýene bir alamatydy. Kynçylyklar Jordan Brand önümlerine hem täsir etdi. Bölek satuw ulgamlaryndaky çeşmeleriň maglumatyna görä, bu brendde täze önümleriň ýetmezçiligi duýulýar. Söwda dükanlary bolsa ammarlarda ýygnanan harytlary satmak üçin bahalary arzanlatmaga mejbur bolýar. Bu bolsa Nike-yň girdejililigine basyş edýär. Hytaý bazarynda-da çynlakaý kynçylyklar dowam edýär. Kompaniýanyň bu ýurtdaky girdejisi 17% azaldy. Nike ýerli onlaýn satyjylaryň müňlerçesi bilen hyzmatdaşlygy kesip, diňe öz ykjam goşundysyna daýanmak kararyna gelenden soň, bazaryň bir bölegini Hytaýyň Anta we Li-Ning brendleri eýeledi. Seljerijileriň çaklamasy boýunça kompaniýanyň işiniň dikeldilmegi 2027–2028-nji maliýe ýyllaryna çenli uzap biler. Nike-yň baş direktory Elliot Hill giň gerimli üýtgedip gurma işlerine başlady. Kompaniýadan eýýäm takmynan 1 400 işgär işden boşadyldy, ýene 8 000 hünärmen innowasiýalary çaltlaşdyrmak maksady bilen aýratyn sport ugurlary boýunça toparlara geçirildi. Nike mundan başga-da öňki maliýe direktory Jeýn Nilseni baş täjirçilik direktory wezipesine belledi. Ol kompaniýanyň global onlaýn söwda platformasyna ýolbaşçylyk eder, bölek satuw ulgamlary bilen lomaý söwda gatnaşyklaryny täzeden ýola goýmaga başlar. Kompaniýa üçin nobatdaky möhüm sene 1-nji oktýabr bolar. Şol gün Nike 2027-nji maliýe ýylynyň birinji çärýegi boýunça hasabatyny köpçülige ýetirmeli.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir