«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge hem-de ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge bagyşlanan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» eko-çäresine çagyrýar. Taslama durnukly hem-de arassa şäher gurşawyny döretmek üçin täzeçil pikirlere höweslendirmegi maksat edinýär. Çäräniň maksatnamasynda ekologiýa boýunça dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň tanyşdyrylyşy, döredijilikli çykyşlar, eko-taslamalaryň görkezilişi, «A children’s book "The three lights"» we «Своя игра» ýaly gyzykly oýunlardyr bäsleşikler garaşýar. Gatnaşyjylar galyndylary dolandyrmak boýunça interaktiw ussatlyk sapagynda galyndylary döredijilikli gaýtadan peýdalanmagy öwrenip, öz eko-dizaýnlaryny döreder. Olar bu çäräniň çäginde pagta torbalaryny bezäp, ýadygärlik hökmünde ony özleri bilen äkidip biler. Giriş mugt bolup, eko-meýletinçiler, ýaşlar we arassa geljege goşant goşmak isleýän ähli tebigaty söýüjiler çagyrylýar. Çäre 2026-njy ýylyň 29-njy awgustynda sagat 17:00-da «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň «С» toplumynyň 1-nji gatynda ýerleşýän «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde geçiriler. Giňişleýin maglumat üçin telefon belgisi: +993 64 26-84-32.