Dünýäde çaga dogluş derejesi ilkinji gezek ilat sanyny durnukly saklamak üçin zerur bolan görkezijiden pese düşdi. Bu 1950-nji ýyldan bäri 236 ýurda degişli maglumatlary öwrenen Pensilwaniýa we North-Western uniwersitetleriniň alymlarynyň gelen netijesidir. «Terra Incognita: The Economics of a Shrinking World» diýlip atlandyrylan hasabata görä, şol döwürde 210 ýurtda çaga dogluş derejesiniň peselendigi hasaba alyndy. 2026-njy ýylda dünýä boýunça ortaça görkeziji bir aýala 2,2 çaga derejesine düşdi. Alymlar hatda uly uruşlar we pandemiýalar döwründe hem şeýle peselişiň bolmandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda bu hadysanyň aýratyn-da pes we orta girdejili ýurtlarda has aýdyň görünmegi geň galdyrýar. Käbir ýurtlarda bu görkeziji has-da aşak düşdi. 2025-nji ýylda Tailandda bu görkeziji bir zenana ortaça 0,87 çaga, Kolumbiýada — 1,01, Eýranda — 1,35, Braziliýada — 1,52, Meksikada bolsa 1,51 çaga derejesine düşdi. Barlagçylaryň çaklamasyna görä, eger ýagdaý şu gidişine dowam etse, Ýer ýüzüniň ilaty ýene onlarça ýyl ösmegini dowam eder we 2056-njy ýylda iň ýokary nokadyna, takmynan 9 milliard adama ýeter. Şondan soň bolsa planetanyň ilat sany azalyp başlar.