28-nji awgustda Oslo şäherindäki hassahanada Norwegiýanyň patyşasy Harald V aradan çykdy. Bu barada patyşalyk diwanynda habar berdiler. 89 ýaşly patyşa saglyk ýagdaýy sebäpli 17-nji awgustdan bäri hassahanada bejergi alýardy. Indi ýurduň täze patyşasy hökmünde onuň 53 ýaşly ogly Hokon tagta geçýär. Harald V 1991-nji ýylda kakasy Ulaf V ýogalaly bäri Norwegiýanyň tagtynda oturdy. 35 ýyl dowam eden hökümdarlyk döwründe ol ýurduň monarhiýasynyň has döwrebap we açyk bolmagyna getirdi. Patyşa 1968-nji ýylda telekeçiniň maşgalasyndan bolan Sonýa Haraldsene öýlendi. Harald V norwegiýalylaryň arasynda «halk patyşasy» hökmünde tanalýardy. Ol sporta uly gyzyklanma bildirýärdi, ýurduň sport toparlaryny goldaýardy, özi-de ýelkenli sport bilen meşgullanýardy. Şazada döwri ol hatda üç gezek Norwegiýanyň adyndan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy (1964, 1968 we 1972-nji ýyllarda). 2011-nji ýylda Oslo şäherinde we Utöýa adasynda bolup geçen terrorçylykly hüjümlerden soň Harald V halka ýüzlenip, raýatlary agzybir bolmaga we birek-biregi goldamaga çagyryp çykyş edipdi. Soňky ýyllarda patyşa saglyk ýagdaýy sebäpli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagyny kem-kemden azaltdy. 2024-nji ýylda oňa ýürek urşuny kadalaşdyrýan elektrokardiostimulýator oturdyldy. 2026-njy ýylyň fewralynda bolsa ýokanç kesel we suwsuzlyk sebäpli hassahanada bejergi aldy. Harald V-niň yzynda aýaly, şa zenany Sonýa, gyzy Marta Luiza, ogly Hokon we alty agtygy galdy. Norwegiýa konstitusion monarhiýa bolup, patyşanyň ygtyýarlyklary esasan wekilçilik we dabaraly wezipeler bilen çäklenýär, ol jemgyýeti jebisleşdirýän şahs hökmünde kabul edilýär. Ýurtdaky syýasy häkimiýet saýlaw arkaly wezipä bellenilýän parlament tarapyndan dolandyrylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir