Apple kompaniýasy täze gajetleriň tanyşdyrylyşyny 9-njy sentýabrda geçirjekdigini yglan etdi. Çäre «Geň galdyr we lowurda» («Surprise and shine») şygary astynda Apple Park kampusyndaky Stiw Jobs teatrynda geçer. Tanyşdyrylyş ýerli wagt bilen sagat 10:00-da başlar. Tanyşdyrylyşda kompaniýanyň iPhone-yň täze seriýasyny görkezmegine garaşylýar. «Reuters» we «Axios» neşirleriniň ýazmagyna görä, Apple özüniň ilkinji eplenýän smartfonyny hem tanyşdyrmagy mümkin. Käbir çeşmeleriň aýtmagyna görä, onuň ölçegi pasport ýalyrak bolup, ol açyk ýagdaýda kiçiräk iPad-i ýada salýar. Bu tanyşdyrylyş täze baş direktor Jon Ternusyň baştutanlygynda geçiriljek ilkinji uly Apple çäresi bolar. Ternus köp ýyllaryň dowamynda kompaniýanyň enjamlaýyn üpjünçiligini işläp taýýarlamak ugrunyň ýolbaşçysy boldy. 1-nji sentýabrda Ternus Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinde Tim Kuky çalşar.