Ýat çipleriniň ýetmezçiligi we önümçilik çykdajylarynyň artmagy sebäpli Xiaomi kompaniýasy ýapon bazarynda smartfonlarynyň hem-de planşetleriniň bahasyny galdyryp başlady. Kompaniýanyň Ýaponiýadaky ofisiniň X sosial torunda habar bermegine görä, käbir enjamlaryň bahasy 20 000 ýena ($125 töweregi) gymmatlar. Wagtyň geçmegi bilen smartfon bahalarynyň ýokarlanmagy beýleki bazarlara hem täsir edip biler. Maglumatlara görä, bahalar Xiaomi 17T Pro, Poco X8 Pro we X8 Pro Max modelleri üçin ýokarlanar. Mysal üçin, 12/256 GB ýatly Xiaomi 17T Pro-nyň bahasy 119 800 ýenadan ($754) 139 800 ýena ($879), 12/512 GB ýatly wersiýasy bolsa 139 800 ýenadan ($879) 159 800 ýena ($1005) çenli gymmatlar. 12/256 GB ýatly Poco X8 Pro Max-yň bahasy 79 980 ýenadan ($545) 99 980 ýena ($681), 12/512 GB ýatly model bolsa 89 980 ýenadan ($613) 109 980 ýena ($749) çenli galar. Poco X8 Pro-nyň käbir wersiýalary üçin hem bahalar 20 000 ýena ($125) ýokarlanar. Planşetleriň bahasy bolsa modele baglylykda 2 000 ($12) — 10 000 ýena ($62) aralygynda gymmatlar. Täze nyrhlar Xiaomi we Redmi önümleri üçin 1-nji sentýabrdan, Poco modelleri üçin bolsa 4-nji sentýabrdan güýje girer. Ýat ýetmezçiligi we çig malyň gymmatlamagy tutuş smartfon pudagyna täsir edýär. «Reuters» agentliginiň maglumatyna görä, Xiaomi-niň smartfon satuwyndan gazanan girdejisi 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde 7,5%, üpjünçilik bolsa 26% azaldy. Hatda Apple kompaniýasynyň hem geljek aýda hödürlenjek täze iPhone modelleriniň bahasyny galdyrmagyna garaşylýar. Xiaomi geljekde çykaryljak täze enjamlarynyň bahasyny alyjylar üçin mümkin boldugyndan amatly etmekçidigini belleýär.