29-njy awgustdan Türkmenistanyň öňdebaryjy teatrlarynda 2026–2027-nji ýyllaryň täze möwsümi başlanar. Döredijilik toparlary täze oýunlary taýýarlaýança, ilkinji günlerde tomaşaçylara eýýäm tanyş bolan sahnalar görkeziler. Ilkinji sahna oýunlarynyň tertibi: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry 29-njy awgust — «Ömür daragty», sagat 19:00; 30-njy awgust — «Ak at», sagat 19:00. Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry 29-njy awgust — «Söýgi duralgasy», sagat 19:00; 30-njy awgust — «Gyzyl alma», sagat 19:00. A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry 29-njy awgust — «Дюймовочка», sagat 12:00; 29-njy awgust — «Мать», sagat 19:00; 30-njy awgust — «Три поросёнка и серый волк», sagat 11:00 we 13:00; 30-njy awgust — «Счастье туркмен», sagat 19:00. Türkmen döwlet gurjak teatry 29-njy awgust — «Asmandan inen ykbal», sagat 17:00; 30-njy awgust — «Asmandan inen ykbal», sagat 19:00. Teatr maksatnamasynda üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin. Şol sebäpli oýunlara barmazdan öň kassalardan häzirki tertibi anyklamak maslahat berilýär.