Alibaba Group-y esaslandyryjylaryň biri bolan Jek Ma kompaniýanyň emeli aň pudagyndaky meýilnamalaryny ilerletmek maksady bilen, soňky günlerde 76 million dollardan gowrak paýnamasyny satyn aldy. Bu barada degişli çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Mundan öň bu söwda barada South China Morning Post hem ýazypdy. Alibaba-nyň paýnamalarynyň nyrhy görnetin pese düşenden soň, ​Jek Ma 600 million gonkong dollaryndan gowrak möçberde gymmatly kagyz satyn aldy. Gonkongda kompaniýanyň paýnamalary 21-nji we 24-nji awgustdaky iki söwda gününde 11% diýen ýaly, edil şol döwürde amerikan biržasynda bolsa 9% arzanlady. 25-nji awgustda bolsa Gonkongdaky aksiýalar 1,5% ýokary galdy. Alibaba-nyň direktorlar geňeşiniň başlygy Jo Saý we kompaniýanyň baş direktory (CEO) Eddi Wu dagy hem Jek Ma goşuldy. ​Birža resminamalaryna görä, olaryň hersi öň azyndan 20 million dollarlyk paýnama satyn alypdyr. ​Alibaba emeli aň pudagyndaky maýa goýumlaryny işjeň artdyrýar. Kompaniýa üç ýylyň dowamynda emeli aňy (çipleri, maglumat merkezleri we uly dil modellerini) ösdürmäge 380 milliard ýuandan (56,5 milliard dollardan) gowrak serişdäni sarp etmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem Alibaba şu hepde Gonkongyň taryhynda paýnamalary ikilenç ýerleşdirmegiň çäginde 80 milliard gonkong dollaryny (10,2 milliard dollar) çekmegi başarandygyny yglan etdi. ​Şol bir wagtyň özünde, emeli aň üçin edilýän uly çykdajylar kompaniýanyň girdejisine ters täsir edýär, ýurt içindäki islegiň pes bolmagy bolsa, onuň esasy onlaýn-söwdasyny bökdeýär. Alibaba öz çärýeklik hasabatynda esasy maýa goýumlarynyň 10 milliard dollara golaýlandygyny mälim etdi. ​Freedom Broker-iň hünärmenleriniň pikiriçe, bulut hyzmatlary we emeli aň geljekde Alibaba-nyň esasy girdeji çeşmesi bolup biler. Ýöne «Baha düşürme oýny» (The Big Short) filminiň baş gahrymanyň prototipi hökmünde tanalýan maýadar Maýkl Býurri golaýda Alibaba-nyň paýnamalaryny satandygyny ýaňzytdy. Ol kompaniýanyň täze gymmatly kagyzlary çykarmak baradaky kararyny tankytlady we häzirki wagtda paýnamalaryň bolmalysyndan ýokary bahalandyrylýandygyny aýtdy. Muňa garamazdan, seljerijileriň köpüsi Alibaba-nyň geljeginiň uludygyna ynam bildirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir