Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň merkezinde 420 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar. Iki gatly täze binada çagalaryň bilim almagy, sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulan. Mekdep interaktiw enjamlar, döwrebap mebeller, okuw gollanmalary hem-de görkezme esbaplar bilen doly üpjün ediler. Binanyň çäginde mejlisler zaly, lingafon otaglary, naharhana, kitaphana we beýleki zerur otaglar bolar. Şeýle-de, okuwçylaryň sport bilen meşgullanmagy üçin amatly şertler dörediler. Gurluşyk işleri «Batly depgin» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilýär. Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Daşoguz welaýatynda hem-de Köneürgenç etrabynda bilim edaralarynyň sany yzygiderli artýar. Geçen ýyl etrabyň Bitaraplyk şäherçesinde hem 420 orunlyk döwrebap mekdep gurlup ulanylmaga berlipdi.