Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew amerikan kärdeşi Donald Trampa iki sany eýwan sowgat berdi. Bu barada The New York Times neşiri habar berýär. ​Agaç eýwanlar eýýäm Waşingtona elitildi we olary Trampyň «Amerikan gahrymanlarynyň milli seýil bagyny» döretmegi meýilleşdirýän West-Potomak seýilgähinde gurnap başladylar. ​ABŞ-nyň Içeri işler ministrliginiň wekili Keti Martin seýilgähe geljekleriň bu eýwanlary şu güýzde görüp biljekdiklerini habar berdi. ​Özbek eýwanlary özüniň çylşyrymly hem owadan agaç oýma sungaty bilen tapawutlanýar we ýurduň milli amaly-haşam sungatynyň esasy nusgalarynyň biri bolup durýar. ​Özbegistanyň ABŞ-daky ilçisi Furkat Sidikow hem X (Twitter) sahypasynda bu sowgat barada habar paýlaşdy. Ýazgyda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan amerikan liderine we halkyna sowgat berlen iki eýwan iki ýurduň arasyndaky dostlugyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň nyşany bolar. The New York Times ​neşiriniň berýän maglumatyna görä, Trampa berlen daşary ýurt sowgatlarynyň arasynda Katardan iberilen kaşaň uçar hem-de Saud Arabystanyndan iberilen bir jübüt alajagaplaň hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir