Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi tamamlandy. Okuw mekdeplerinde giriş synaglary 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda döwlet toparynyň hem-de jemgyýetçilik gözegçiliginiň astynda guramaçylykly we adalatly geçirildi. Şu gezek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Halkara senagatçylar hem-de telekeçiler uniwersitetinde synaglar test görnüşinde guraldy. Ýokary okuw mekdeplerinde dalaşgärleriň resminamalary 13–26-njy iýul aralygynda kabul edilip, synaglar 29-njy iýuldan 20-nji awgusta çenli dowam etdi. Döwlet gullugy akademiýasynda synaglar 28 — 31-nji iýulda geçirildi. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa resminamalar 17-nji awgusta çenli kabul edildi, synaglar 24-nji awgustda tamamlandy. Synaglaryň netijesinde ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine kabul edildi. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde hünärmen maksatnamasy boýunça 10 hünär, bakalawr boýunça 4 ugur we magistr maksatnamasy boýunça 6 ugur açyldy. Şeýle hem täze okuw ýylyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasynda» görkezilen ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamaga girişiler. Okuwa kabul edilende bäsleşikleriň we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri we umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlary artykmaç hukuklardan peýdalandy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir