Öň ynsanpisint robotlar dünýäni diňe «elleri» bilen duýýardylar, ýagny duýgurlyk sensorlary esasan olaryň aýalaryna we barmak uçlaryna oturdylýardy. Emma Hanwei Technology we Zhuoyide kompaniýalary bu ýagdaýy üýtgetmegi ýüregine düwüp, robot bedeniniň ähli ýerine diýen ýaly galtaşmalary duýmaga mümkinçilik berýän elektron deri döretdiler. Tehnologiýa Hytaýda geçirilýän 2026-njy ýylyň Bütindünýä robototehnika konferensiýasynda görkezildi. Täze döredilen deri kümüş geçiriji sapaklary bolan ýörite matadan tikilen. Ol çeýe, geýlip-çykarylýan kombinezona meňzeýär. Bu iki gatlakly derini robota geýdirmek aňsat. Şeýle hem ol robotyň ylgamagyna, ýöremegine ýa-da işjeň hereket etmegine asla päsgel bermeýär. Iň esasy zat — abatlamaly ýa-da arassalamaly bolanynda aňsatlyk bilen aýrylýar. Matanyň içine basyşy kesgitleýän sensorlaryň uly matrisasy tikilipdir. Robot iň sähel galtaşyga-da (0,1 Nýutondan başlap) birnäçe millisekuntda seslenýär, ulgamyň özi bolsa maglumatlary 500 Gs ýygylykda gaýtadan işleýär. Bu diýildigi, eger adam tötänlikden robotyň egnine, arkasyna ýa-da aýagyna degäýse, maşyn muny şol bada duýup, edýän hereketini howply derejä ýetmänkä sazlap biljegini aňladýar. Işläp taýýarlaýjylar bu «endam» duýgurlygynyň robotlaryň adamlar bilen egin-egne durup, howpsuz we amatly şertlerde işlemegi üçin möhüm ädim boljakdygyna ynanýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir