Sony kompaniýasynyň 2028-nji ýyla çenli täze oýunlary diskde çykarmakdan ýüz öwürmek baradaky karary PlayStation eýelerinde nägilelik döretdi. Bu karara jogap edip, DoesItPlay oýun bileleşigi #PSBlackout aksiýasyny yglan etdi we oýunçylary bir hepdeläp Sony ekoulgamyndan peýdalanmazlyga çagyrdy. Boýkot bir hepde, 23-30-njy awgust aralygynda dowam eder. Aksiýa gatnaşyjylara şol aralykda PlayStation Network ulgamyna girmezlik, oýunlary açmazlyk, sanly taslamalary satyn almazlyk we mümkin bolsa, konsollary düýbünden işletmezlik maslahat berilýär. Boýkoty gurnaýjylarda esasy närazylyk döreden zat disk däl-de, oýuna eýeçilik etmek hukugydyr. Sebäbi internetden satyn alnan oýunlar geýmerlere diňe oýnamaga wagtlaýyn rugsat berýär. Diskde bolsa oýny özüňde saklap, başga birine satyp ýa-da internet bolmasa-da arkaýyn oýnap bolýar. Şol bir wagtda geýmerleriň arasynda-da bu meselä başgaça garaýanlar az däl. Köp adam diskleriň galmagyny islese-de, PlayStation-dan bir hepdelik ýüz öwürmegiň Sony kompaniýasyna beýle bir täsir etjekdigine ynanmaýarlar. Üstesine, bu hepde täze uly oýunlaryň çykmagyna garaşylmaýandygyny göz öňüne tutsaň, kompaniýanyň boýkot zerarly alada galmagyna esas ýokdugyny aýdýarlar. Käbir geýmerler basyş etmegiň has netijeli ýollaryny — köpçülik bolup PlayStation Plus abunalaryny ýatyrmagy ýa-da sanly oýunlary satyn almakdan ýüz öwürmegi teklip edýärler. Sebäbi Sony-nyň girdejisi edil şol ýerden gelýär. Ýatlap geçsek, Sony 2028-nji ýyla çenli disklerdäki täze oýunlaryň önümçiligini doly bes etmegi meýilleşdirýär. Muňa garşy çykyp ýazylan petisiýanyň astynda eýýäm 200 müňe golaý adam öz goluny goýdy.