Niderlandlarda Maglumatlaryň goralyşyny düzgünleşdiriji edara (AP) Uber-e 825 million ýewro (tas 966 million dollar) möçberinde uly jerime saldy. Bu barada Reuters habar berdi. Jerimäniň salynmagyna 2020–2022-nji ýyllar aralygynda kompaniýanyň sürüjiler bilen işleşende dolulygyna awtomatlaşdyrylan algoritmlere bil baglamagy sebäp boldy. Görlüp oturylsa, Uber ulgamy taksi sürüjisiniň şahsy hasabyny (akkauntyny) awtomatik ýagdaýda, özbaşdak petikläp bilýän eken. Şeýle ýagdaýda sürüjilere olaryň ykbalyny algoritmiň kesgitleýändigi hiç hili duýdurylmandyr, gelnen karara garşy çykmaga-da mümkinçilik berilmändir. Sürüjiler üçin bu duýdansyz işsiz we girdejisiz galmagy aňladýardy. AP bu hereketleri Ýewropanyň şahsy maglumatlary goramak hakyndaky kanunynyň (GDPR) düzgünleriniň bozulmagy diýip yglan etdi. Düzgünler adam ykbalyna düýpli täsir edip biljek kararlaryň diňe algoritmlere esaslanyp kabul edilmegini gadagan edýär; karar kabul etmek prosesine hökmany ýagdaýda adam gatnaşmaly. Düzgünleşdiriji edara Uber-iň bu hereketlerini şol düzgüniň gönüden-göni bozulmagy hasaplady. Netijede, bu jerime GDPR-iň taryhynda, 2023-nji ýylda Meta kompaniýasyna salnan rekord 1,2 milliard ýewro jerimeden soň, ikinji uly jerime boldy. Uber-de Niderlandlaryň häkimiýetiniň bildiren nägilelikleri bilen düýbünden ylalaşmaýarlar we eýýäm şikaýat berjekdiklerini mälim etdiler.