Hytaýyň ynsanpisint robotlary ýamaýkaly meşhur sprinter Useýn Boltuň 100 metr aralykda goýan 9,58 sekuntlyk dünýä rekordyny täzelediler. Taryhy ylgawlar Pekinde geçirilen Robotlaryň ikinji bütindünýä oýunlarynda boldy. Robotlar tizlik boýunça adamy yzda galdyrsa-da, pellehana ýetilen pursady olara entek kämilleşmegiň gerekdigi belli boldy. Robotlaryň esasy rekordlary: Tiangong Ultra (Pekin innowasiýa merkezinde döredilen) — resmi saýlama ýaryşynda 9,39 sekunt netije bilen ýeňiji boldy. Lightning (Honor kompaniýasynyň «Ýyldyrym» roboty) — deslapky synaglarda tizligini sekuntda 14,5 metre ýetirip, haýran galdyryjy netijäni — 9,32 sekundy görkezendigine garamazdan, saýlama ýaryşynda aralygy 9,47 sekuntda geçip, ikinji orny eýeledi. Superman (Unitree Robotics kompaniýasyndan) — synaglaryň dowamynda sagatda, takmynan, 45,6 km (12,66 m/s) tizlik görkezdi. Deňeşdirme üçin: Useýn Boltuň öz meşhur rekord ylgawynda gazanan iň ýokary tizligi sekuntda 12,42 metr bolupdy. Ýyndam robotlarda heniz tormoz ulgamy doly işlenilmändir, şol sebäpli hem olaryň ýeňişden lezzet almaga mümkinçiligi bolmady. Robotlar pellehanadan geçenlerinden soň, ýörite taýýarlanylan gorag diwaryna baryp uruldy. Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň ösüşi göz-görtele duýulýar. Bary-ýogy bir ýyl öň geçirilen ilkinji oýunlarda ýeňiji bolan robot 100 metri 21 sekuntdan hem köp wagtda geçipdi. Sosial torlarda robotlaryň bu üstünligi dürlüçe garşylandy. Ulanyjylaryň biri «Bu netijäniň hiç hili ähmiýeti ýok. Robotlar adamlar bilen däl, özara bäsleşýärler» diýip ýazsa, ýene biri oňa: «Belki-de, haçan hem bolsa bir gün biz olardan gaçmalam bolarys?» diýip, degişme bilen jogap berdi. Ynsanpisint robotlaryň Ikinji bütindünýä oýunlary bäş gün dowam eder. Oýunlara 16 ýurtdan 666 topar we 2056 robot gatnaşyp, onda robotlar sportuň 51 görnüşi boýunça bäsleşýärler. Duran ýeriňden beýiklige bökmekde Tiangong Ultra roboty 2,8843 metr netije görkezip, bu ugurda hem adamyň goýan rekordyny döwmegi başardy.