Amerikanyň Abbott korporasiýasy «Similac» süýt garyndylary bilen bagly kazyýet talaplaryny doly bolmasa-da, bölekleýin çözmek üçin 670 mln dollar öwez puluny tölemäge razy boldy. Muňa garamazdan, kompaniýa barybir öz hatasyny boýun almaýar. Şikaýatyň mazmunyna görä, kompaniýanyň önümleri täze doglan çagalarda iň howply içege keselleriniň biri bolan nekrotik enterokoliti döredip bilýär. Görkezilen öwez pulunyň möçberine 2024-nji ýyldaky uly seslenme döreden iş boýunça bellenilen 470 mln dollar hem girýär. Şol işde çaga iýmiti bilen çaganyň kesellemeginiň arasynda baglanyşygyň bardygy eýýäm kazyýet tarapyndan ykrar edilipdi. Abbott bu karar bilen uzak wagtlap razylaşmasa-da, ahyrsoňy ylalaşyk baglaşmagy özüne bähbitli bildi. Ýöne bu meselede heniz doly nokat goýlanok. Ylalaşyk häzirlikçe diňe 2 müň töweregi şikaýatçynyň bähbidini goraýan üç sany hukukçy firma bilen baglaşyldy. Ýene 1,7 müň töweregi talapnama we 12 müňe golaý çaganyň ykbalyna täsir edýän meseleler çözülmän galýar. Şunda diňe bir Abbott däl, eýsem onuň bäsdeşi Mead Johnson kompaniýasynyň üstünden hem birmeňzeş şikaýatlar edilýär.