Heniz resmi ýagdaýda köpçülige çykarylmadyk Grand Theft Auto VI oýnuna degişli maglumatlaryň ogurlanmagy ony çykarýan Take-Two Interactive kompaniýasynyň bazar bahasynyň üç günüň içinde tas 3 milliard dollar pese düşmegine getirdi. CYBERLEEK atly hakerler topary oýun baradaky täze maglumatlary yzygiderli paýlaşmagyny dowam edýär. Olar hatda oýnuň işleýän wersiýasyny ele salandyklaryny hem aýdýarlar. Take-Two Interactive hem-de Rockstar Games kompaniýalary bu ýagdaý babatda heniz açyk teswir bermediler. Maglumatlaryň syzmagyndan ozal, 18-nji awgustda säher bilen Take-Two-nyň paýnamalary NASDAQ biržasynda 242–243 dollar töweregi bahadan satylýardy, iň ýokary derejesinde bolsa 248 dollara ýetipdi. Emma 19-njy awgusta hakerleriň täze wideolary ýaýratmagy netijesinde paýnamalar 236 dollara çenli arzanlady, 20–21-nji awgust günleri bolsa 232,84 dollara çenli peseldi. Kompaniýanyň bazar bahasy, takmynan, 2,8 milliard dollar peseldi. Awgust aýynyň başynda Take-Two-nyň umumy kapitalizasiýasy 45 milliard dollar töweregidi. CYBERLEEK topary GTA VI-nyň sýužeti ýa-da oýun prosessi barada jikme-jik maglumat berenok, emma kompaniýanyň oýunçylara garşy alyp barýan adalatsyz syýasaty üçin ar almak isleýändigini aýdyp, Take-Two-dan köpçülikleýin ötünç soramagy talap edýär. Talaplary ýerine ýetirilmedik halatynda olar oýnuň sýužeti bilen bagly täze maglumatlary paýlaşjakdygyny aýdýarlar. Take-Two-nyň hukukçylary Microsoft we Discord kompaniýalaryndan jenaýatkärler baradaky maglumatlary mejbury ýagdaýda almak üçin Nýu-Ýork şäheriniň federal kazyýetine ýüz tutdular. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda hem Rockstar kompaniýasyndan GTA VI-nyň ilkinji wideo ýazgylary ogurlanypdy. Şol gezek hem paýnamalaryň bahasy pese düşüpdi, emma kompaniýanyň ýolbaşçysy Ştraus Zelnik soňlugy bilen bu ýagdaýyň uzakmöhletleýin maliýe üstünliklerine hiç hili täsir etmändigini tassyklapdy.