Awstraliýanyň Morton-Beý şäherinde ulag dykylyşyklaryna garşy täzeçe göreşmek kararyna geldiler. Şunlukda, olar emeli aň tarapyndan dolandyryljak ýolyşykly "akylly" çatrygy synagdan geçirmäge taýýarlanýarlar diýip, ABC News habar berdi. ​Taslama 170 müň awstraliýa dollary (takmynan, $122 müň töweregi) bölünip berildi, ony amala aşyrmak üçin gerek bolan tehnologiýany bolsa Awstriýanyň Swarco kompaniýasy üpjün etdi. ​Ulgam asfaltdaky öz möwritini ötüren datçikleriň hem-de taýmerleriň ornuny kameralar we LiDAR bilen çalşar. Emeli aň hakyky wagt tertibinde ähli ýol hereketine gatnaşyjylary: awtomobilleri, awtobuslary, welosipedçileri we pyýadalary görer hem-de biderek garaşyp durulmaz ýaly, kime ýaşyl yşygy ýakmalydygyny ýüzugra çözer. ​Synaglar 2026-njy ýylyň ahyrynda başlar. Dogrusy, häzirlikçe bu diňe ýeke-täk bir çatrykda geçirilýän synag bolup, ony işläp düzüjiler hem entek maglumatlaryň goraglylygy we netijeliliginiň derejesi hakda anyk zat aýtmaga howlukmaýarlar. Bardy-geldi täze çemeleşme şowuna düşse, synag has giň gerimde dowam etdiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir