YouTube meşhur awtorlara eksklýuziw (diňe bir platformada ýerleşdirmek baradaky) ylalaşyklar üçin millionlarça dollar hödürleýär we şol bir wagtda Netflix bilen hyzmatdaşlyk etjek blogerlere çäklendirmeler girizmegi göz öňünde tutýar. Bu barada degişli çeşmelere salgylanýan Bloomberg agentligi habar berýär. Agentligiň maglumatyna görä, wideoplatforma şeýle etmek bilen Netflix tarapyndan barha artýan bäsdeşlik zerarly öz bazar paýyny saklamaga çalyşýar. Kompaniýalar öň dürli ugurlarda iş alyp barýardylar. Ýöne indi YouTube telewizion bazarda öz ornuny işjeň giňeldip, iri sport ýaryşlaryny görkezmek hukugyny satyn alýar. Netflix bolsa ýaş tomaşaçylary çekmek üçin YouTube-yň meşhur awtorlaryny gitdigiçe öz tarapyna çekýär. Bloomberg-iň çeşmeleri YouTube-yň meşhur kanallara belli bir wagtyň dowamynda diňe öz platformasynda wideo ýerleşdirendikleri üçin töleg töläp biljekdigini tassyklaýar. Tölegler göni ýa-da iri brend ylalaşyklaryndan awtorlaryň alýan paýy hökmünde amala aşyrylyp bilner. Muňa garamazdan, jemleýji ylalaşyklar henizem baglaşylmady. Platforma Netflix bilen ylalaşyk baglaşan awtorlaryň kontenti YouTube-de mahabat kampaniýalaryna we resmi çärelere seýrek çekiler. Üstesine-de bu awtorlar käbir iri mahabat ylalaşyklaryndan gelýän girdejilerden mahrum edilip bilner. Muňa garamazdan, Netflix bilen hyzmatdaşlyk etmek hemme blogerlere amatly däl. Çünki serwis taýýar wideolary çap edilmezden birnäçe gün öň ibermegi talap edýär, şeýle hem goşmaça mahabatlary aýyrmagy haýyş edip biler. Bu bolsa, elbetde, awtorlaryň girdejisini azaldar. Netflix-iň göni ýaýlymlary açýandygy, striming serwislerine abunalygy satýanlygy, şeýle hem gysga wideolary, podkastlary we sport ýaryşlarynyň ýaýlyma berlişini ösdürmegiň üstünde işleýändigi barada öňden bäri habar berilýärdi.