Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) 2026/27-nji ýylyň möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryň tertibini yglan etdi. Öň habar berşimiz ýaly, bu ýaryşda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony «Arkadag» bije çekilişiginiň netijesinde «B» toparçasyna düşdi. Toparçalaýyn tapgyrda onuň garşysyna «Al-Jazira» (BAE), «Gol Gohar» (Eýran) we «Al-Muharrak» (Bahreýn) klublary çykyş eder. Türkmen kluby toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny 15-nji sentýabrda öz meýdançasynda «Al-Muharrak» toparyna garşy geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar. «Arkadagyň» toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklarynyň doly tertibi: 1-nji tapgyr, 15-nji sentýabr, 18:45 — «Arkadag» – «Al-Muharrak» 2-nji tapgyr, 14-nji oktýabr, 20:00 — «Al-Jazira» – «Arkadag» 3-nji tapgyr, 28-nji oktýabr, 18:45 — «Gol Gohar» – «Arkadag» 4-nji tapgyr, 4-nji noýabr, 18:45 — «Arkadag» – «Gol Gohar» 5-nji tapgyr, 25-nji noýabr, 19:00 — «Al-Muharrak» – «Arkadag» 6-njy tapgyr, 9-njy dekabr, 18:45 — «Arkadag» – «Al-Jazira»

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir