Kaliforniýanyň Marin etrabynyň ýaşaýjysy Maýa Kristi 1 mln dollar möçberdäki puluny mekdep mugallymlaryna paýlady. Bu barada People neşiri habar berýär. ​Waka 13-nji awgustda bolup geçdi. Şol gün Ross-Welli mekdep etrabynda zähmet çekýän 110-a golaý mugallym adaty iş duşuşygyna çagyrylandyrys diýen pikir bilen mekdebe ýygnandylar. Emma çäräniň deregine olaryň her birine 9 161,70 dollar möçberinde çek gowşuryldy. Biraz soňra serişdeleriň etrabyň ýaşaýjysy Maýa Kristi tarapyndan bölünip berlendigi belli boldy. ​Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, bu zenan döwlet tarapyndan bilim ulgamyna ýeterlik mukdarda pul bölünip berilmeýänligini adalatsyzlyk hasaplap, mugallymlary goldamak üçin öz ýanyndan hem mümkin boldugyça kömek etmek isläpdir. ​Mugallymlar bu garaşylmadyk pul kömegi üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler. Olar alnan puly öz şahsy hajatlary üçin ulanyp bilerler. ​Ross-Welli mekdep etraby Kaliforniýanyň iň baý sebitleriniň biri hasaplanýan Marin etrabynda ýerleşýär. Şeýle-de bolsa ol ýerde bilim ulgamynyň maliýeleşdirilişi ep-esli derejede pesligine galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir