Kuala-Lumpurda AFK Çempionlar ligasy 2-niň 2026/2027 möwsümi üçin toparçalaýyn tapgyryň bije çekilişigi geçirildi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony — «Arkadag» futbol klubunyň garşydaşlary belli boldy. Türkmen topary B toparça düşdi, bu ýerde onuň bäsdeşleri Birleşen Arap Emirliklerinden «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» we Bahreýniň «Al-Muharrak» toparlary bolar. Bije çekilişikde toparlar reýtinge laýyklykda dört sebede paýlandy. «Al-Jazira» birinji sebetde, «Gol Gohar» — ikinji, «Al-Muharrak» — üçünji, «Arkadag» bolsa dördünji sebetde ýerleşdi. Türkmen klubunyň duşuşyklarynyň takyk tertibi soňrak neşir ediler. Aziýanyň ikinji esasy klub ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyry 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda başlar. Final duşuşygy 2027-nji ýylyň 15-nji maýyna meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň beýleki bir futbol kluby — «Ahal» yklymyň üçünji ähmiýetli ýaryşy bolan Çagyryş ligasyna gatnaşar. Onuň toparçalaýyn tapgyrdaky bäsdeşleri 20-nji awgustda geçiriljek bije çekilişigiň netijeleri boýunça belli bolar.