Türkmenistanda nebit-gaz ulgamy üçin iki sany täze çözgüt işlenip taýýarlandy we patentleşdirildi. Bu barada «Türkmennebit» saýty habar berýär. Birinji çözgüt nebit önümleri bilen hapalanan topragy düýpli arassalamagyň we dikeltmegiň biologik usulydyr. Ol tomusky yssy hem-de topragyň şorlaşmagy şertlerinde agyr uglewodorodlary bölmäge ukyply ýerli destruktor-mikroorganizmleriň ýörite ştammlaryny bölüp almaga we ösdürip ýetişdirmäge esaslanýar. Usulyň ulanylmagy nebit-gaz toplumynyň desgalarynda tehnogen hapalanmalaryň netijelerini aradan aýyrmakda gymmat bahaly we ekologiýa taýdan howply himiki reagentlerden ýüz öwürmäge mümkinçilik berýär. Ikinji çözgüt bolsa organomineral kükürt-polimerbetonyň resepturasydyr. Onuň önümçiliginde nebit-gaz känlerinde tebigy gazy arassalamak wagtynda galyndy hökmünde galýan artykmaç tehniki kükürt ulanylýar. Bu serişde gidrotehniki gurluşykda, suwaryş kanallarynyň, şor suwlary akdyryş ulgamlarynyň we port desgalarynyň gurluşygynda ulanylyp bilner. Şeýle desgalarda adaty sement betony duzlaryň täsiri astynda çalt dargaýar. Kükürt-polimerbetonyň ulanylmagy düýpli gurluşygyň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga we şol bir wagtda kükürt galyndylaryny gaýtadan işlemek wezipesini çözmäge mümkinçilik berýär.