15-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Bangladeşiň wekiliýetine bolsa ýurduň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça sekretary ilçi Nazrul Yslam ýolbaşçylyk etdi. Taraplar syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesini we ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy meselelerini maslahatlaşdy. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şunlukda, taraplar daşary işler ministrleriniň özara saparlaryny guramagyň üstünde işlemegi ylalaşdy. Diplomatlar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde iki ýurduň özara işjeň hyzmatdaşlygyny hem nygtady. Geňeşmeleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek üçin resminamalaryň taslamalaryna we parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Dakkanyň Söwda-senagat palatasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşdy. Nebit-gaz ulgamy, ulag aragatnaşygy, oba hojalygy we dokma senagaty geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi. Şeýle hem medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtady. Geňeşmelerden soň Nazrul Yslam Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini maslahatlaşdy. Geçirilen syýasy geňeşmeleriň netijeleri barada gürrüň edip, diplomatlar hökümetara we edara derejesinde yzygiderli gatnaşygy saklamagyň zerurdygyny tassyklady. Taraplar gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda halkara we sebit düzümleriniň çäginde Türkmenistan bilen Bangladeşiň hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bellenildi. Şunlukda, taraplar parahatçylyga, asudalyga we durnukly ösüşe gönükdirilen başlangyçlary özara goldamagyň uly ähmiýete eýedigini tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir