Adamzat magdandan demir eretme tehnologiýasyny özleşdirmänkä bu metal örän seýrek duş gelip, altyn bilen deň görülýän ekeni. Onuň ýeke-täk elýeterli çeşmesi bolsa Ýere düşýän meteoritler bolupdyr. Gadymy grekleriň bu «asman» materialyny ulanyp-ulanmanlygy uzak wagt bäri syr bolup galypdy. Emma ýakynda Journal of Archaeological Science žurnalynda çap edilen täze ylmy makala bu meseläni çöp döwen ýaly etdi. Halkara alymlar topary 19 muzeý ýygyndysyndan bürünç we irki demir eýýamlaryna degişli 91 sany demir närsäni seljerdiler. Hünärmenler göçme rentgen gurallaryny ulanyp, eksponatlara hiç hili zyýan ýetirmezden olaryň himiki düzümini öwrendiler. Şunda meteorit demrine mahsus bolan nikeliň ýokary mukdary esasy görkeziji boldy. Alymlar 13 sany ýüzüge çig mal hökmünde asman jisimleri hyzmat etdi diýen netijä geldiler. Arheologlar bu tapyndylaryň köpüsiniň altyn-kümüş zatlar bilen bilelikde baý guburlardan tapylandygyny belleýärler. Bu bolsa «kosmos» demrinden ýasalan ýüzükleriň döwletliligiň dereje nyşany hökmünde hyzmat edendigini we miken jemgyýetiniň begzadalar gatlagyna degişli bolandygyny görkezýär. Gresiýanyň çygly howasynda meteoritleriň tebigy durkuny saklap bilmejekdigini nazara alyp, barlagçylar çig mal Müsürden getirilendir diýip çaklaýarlar. Gyzykly ýeri, şeýle şaý-sepler b.e. öňki XIV–XIII asyrlarda hem ýoň bolan eken. Takmynan, Gresiýada magdandan eredilen demriň ilkinji nusgalary hem şol döwürlerde peýda bolup başlaýar. Metallurgiýanyň ösmegi we miken köşk ulgamynyň dargamagy bilen, bu saýry metal özüneçekijiligini ýitirip, ornuny b.e. öňki XII–XI asyrlara çenli eýýäm ýörgünli çig mala öwrülen demre bermeli bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir