Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu «Vogue» žurnaly bilen söhbetdeşlikde 2026/27 möwsüminiň öz karýerasynda iň soňky möwsüm boljagynyň ähtimaldygyny aýtdy. 41 ýaşly türgen sportdan gidenden soň etsem-petsemleriniň köpdügini belledi. «Bu, megerem, meniň futboldaky iň soňky ýylym bolar, şonuň üçin özümden soň uly yz galdyrmak isleýän. Meniň geljegim eýýäm meýilleşdirilen. Etmeli işlerim şeýle bir köp welin, birini saýlamak kyn düşýär. Futboldan gitmegiň uly boşluk döredip biljekdigi sebäpli, ony diňe bir däl, eýsem dürli ýollar bilen doldurmak gerek. Köpräk göwün açyp, syýahat edesim, diýseň halaýan zadym bolan padel oýnuny oýnasym gelýär we gazanan zatlarymdan — biziň gazanan zatlarymyzdan lezzet almagy dowam etdiresim gelýär. Her niçik bolsa-da, bu pidalardan doly 25 ýyllyk ýol boldy» – diýip, futbolçy gürrüň berdi. 11-nji awgustda Ronaldu 2016-njy ýyldan bäri bile ýaşaşýan söýgülisi Jorjina Rodriges bilen toý tutdy. Bu döwürde olaryň Alana Martina we Bella Esmeralda atly iki gyzy dünýä indi. Futbolçynyň jemi bäş çagasy bar. Toý dabarasy Portugaliýanyň Kaşkaýş şäherinde geçirildi. Dabaraly çäre göni olaryň maşgala öýüniň myhman otagynda gurnaldy. Dabara diňe dört sany şaýat bilen futbolçynyň bäş çagasy gatnaşdy. Toýuň sebäpkärleri Gucci brendinden sada lybaslary saýladylar. Birnäçe gün soň Vogue žurnaly öýde dabarasyndan ilkinji eksklýuziw suratlary çap etdi. Ronaldu 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynda çykyş edýär. Ol klub bilen 2027-nji ýylyň 26-njy iýunyna çenli şertnama baglaşypdy. Kriştianou«Al-Nasr» üçin ähli ýaryşlarda 142 oýna gatnaşyp, 123 gol geçirdi we 24 assist etdi. Ronaldu — «Altyn topuň» bäş gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony we UEFA-nyň Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisi. Ol futbol taryhynda iň gowy bombardir, şeýle hem ýewrokuboklarda geçirilen duşuşyklaryň sany boýunça rekordyň eýesi we Ýewropa çempionatlarynyň hem-de Çempionlar ligasynyň taryhynda iň gowy bombardir. 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Ronaldu üç gol geçirdi — ikisini Özbegistana we birini Horwatiýa garşy. Portugaliýanyň ýygyndysy Ispaniýadan 0:1 hasabynda utulyp, 1/8 finalda ýaryşdan gaýtdy.