San-Fransiskoda emeli aň bir işgäri işden çykarmak baradaky çözgüdi kabul etdi. Beýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek hasaba alyndy diýip, «Time» žurnaly habar berýär. Bu waka awtonom emeli aň agentlerini synagdan geçirýän, şwesiýanyň Andon Labs startapy tarapyndan dolandyrylýan Andon Market dükanynda bolup geçdi. Dolandyryjylyk işlerini ýerine ýetirýän Claude EA-ulgamy tertip-düzgüni doly berjaý etmedik işgär bilen hoşlaşdy. EA-başlyk ilkibada özüni beýle diýdimzor ýolbaşçy hökmünde-de görkezmedi, hatda ýadynyň çäklidigi sebäpli öz düzen içerki düzgünnamasynam «ýatdan çykaryp», işgärlere gijä galandyklary sebäpli alada etmezligi tabşyrdy. Emma ulgama gözegçilik edýän adam ara gireninden soň onuň çözgütleri üýtgedi. Andon Labs-yň wekili neýroulgama işgärleriň işe geliş-gidiş ýagdaýyny seljermegi tabşyrdy. Şondan soň emeli aň işgäre diňe duýduryş berip oňmagy maslahat berdi. Mundan soň gözegçi aşa gönükdiriji tabşyryk berdi: «Onuň yzygiderli işe gijä galýandygyny, her gezegem onuň çalşygynda nähilidir bir bökdençligiň ýüze çykýandygyny göz öňünde tutup… onuň, hakykatdanam, bu wezipä laýyk gelýändigi barada oýlanmagyňy isleýän». Şondan soň neýroulgam ol işgäri resmi taýdan işden boşatmak baradaky çözgüdini kabul etdi. Işgär 23 çalşygynyň 17-sine gijä galyp gelen eken. Andon Market taslamasy o diýen üstünlikli maliýe netijeleri görkezmeýär: bäş aýlyk işiň dowamynda dükanyň balansy 100 000 dollardan 61 000 dollara çenli azaldy. Bu botuň dolandyryş çözgütleriniň ýitgä sebäp bolýandygyny görkezýär. Andon Labs kompaniýasynyň baş direktory Lukas Peterson dolandyryş proseslerini mundan beýläk-de awtomatlaşdyrmagyň ýalňyşlyga getirip biljekdigini duýdurýar: «Modellere barha berk hem-de maksada okgunly bolmak öwredilýär. Eger biz olara adamlary işden çykarmaga rugsat bersek, şol bir wagtyň özünde olaram has diýdimzor bolup başlasa… adamlar beýle dünýäde ýaşasy gelermikä?!».