Oracle kompaniýasynyň paýnamalarynyň birden arzanlamagy netijesinde onuň esaslandyryjylarynyň biri bolan Larri Ellison iki aýda takmynan 104 milliard dollar ýitirdi. «Forbes» neşiriniň ýazmagyna görä, milliarder dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orundan sekizinji orna düşdi. Geçen anna güni Ellisonyň baýlygy bir günüň içinde 6 milliard dollar azalyp, 192,6 milliard dollara deň boldy. Ol reýtingdäki ýedinji ornuny ýitirip, baýlygy 194,4 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýan Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensen Huangy öňe geçirdi. Şu ýylyň 2-nji iýunynda Ellison reýtingde ikinji orunda ýerleşýärdi. Şondan bäri «Oracle-yň» paýnamalary ep-esli arzanlady: 1-nji iýunda paýnamalar iň ýokary bahasyna - 250 dollara ýeten bolsa, 28-nji iýulda 114,50 dollara çenli aşak düşdi. 15-nji awgustda paýnamalaryň bahasy gaýtadan dikelip, 150,52 dollara ýetdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň bazar bahasy öňki ýeten iň ýokary 877,1 milliard dollaryndan çöküp, takmynan, 433,5 milliard dollar boldy. Oracle-yň emeli aň infrastrukturasyna edýän uly çykdajylary maýadarlary uly alada goýýar. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda kompaniýa ChatGPT-ni döreden OpenAI bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny üpjün etmek boýunça 5 ýyllyk, 300 milliard dollarlyk ylalaşyk baglaşdy. Reuters agentliginiň iýun aýynda beren habaryna görä, Oracle-yň emeli aň infrastrukturasyny döretmek üçin çykdajylary analitikleriň çaklamalaryndan ep-esli artdy. Kompaniýa 2027-nji ýylda karz we paýnamalar arkaly maliýeleşdirmegiň hasabyna 40 milliard dollar çekmegi meýilleşdirýär. Kapital çykdajylarynyň bolsa, 55,7 milliard dollara çenli artmagyna garaşylýar. S&P agentligi hem Oracle-yň OpenAI-a baglydygyna aýratyn üns çekdi. Agentligiň baha bermegine görä, bu kompaniýa Oracle-yň 638 milliard dollarlyk sargyt bukjasynyň takmynan ýarysyny eýeleýär. Eger OpenAI bergileri tölemekde kynçylyk çekse, Oracle uly kynçylyga uçrap biler. Kompaniýa maglumat merkezlerini kärendä almak baradaky borçnamalaryndan aňsatlyk bilen dänip bilmez diýip, Reuters hаbar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir