Zalsburgda Wolfgang Amadeý Mosartyň altyn heýkeljikleriniň sergisi eksponatlaryň yzygiderli ogurlanmagy sebäpli möhletinden öň ýapyldy. Bu barada ýerli «ORF Landesstudio Salzburg» neşiri habar berýär. Iýul aýynyň ortalarynda «Mosarteum» gaznasy kompozitoryň öýüniň bagynda we otaglarynda nemes suratkeşi Ottmar Hörl tarapyndan döredilen 230 sany heýkeljigi ýerleşdirdi. Beýikligi 50 santimetrden gowrak bolan her bir heýkeljik haýatsyz, hemme kişi üçin elýeterli meýdanda goýlupdy. Çünki, beýle köpçülikleýin ogurlygyň boljagy guramaçylaryň küýüne-de gelmändi. Bary-ýogy iki hepdäniň dowamynda 230 eksponatdan 80-den gowragy gürüm-jürüm boldy. Awgustyň ortalaryna çenli bagda 20 heýkeljik galdy, bu bolsa guramaçylary aýyň ahyryna çenli dowam etmeli sergini möhletinden öň ýapmaga mejbur etdi. «Suratkeş üçin iň erbet zat — döreden işiniň ýitip gitmegi» – diýip, Ottmar Hörliň özi ýagdaýy teswirledi. Ol sergä gelenleriň biri-birinden bihabarlykda ogurlyk edýänine ynanmaýar, bu jenaýatçylykly işiň guralandygyny güman edýär. Suratkeşiň baha bermegine görä, ýitginiň möçberi, takmynan, 20 müň ýewro barabar — ol sergi tamamlanandan soň heýkeljikleri şol baha satmagy meýilleşdiripdi. Hörliň işleri ogrularyň nyşanyna ilkinji gezek düşenok: 2023-nji ýylda Germaniýanyň Baýroýt şäherinde hem şular ýaly ýagdaý ýüze çykypdy. Şonda 10 günüň dowamynda sergiden nemes kompozitory Rihard Wagneriň 115 sany heýkeljigi ogurlanypdy. Zalsburgdaky guramaçylar tomusky dynç alyş möwsümi sebäpli öndürijiniň täze heýkeljikleri tiz wagtda taýýarlap bilmejekdigini, şol sebäpli sergini dikeldip bolmaýandygyny belledi.