Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary «ýalançy aýna» diýlip atlandyrylýan täze optik enjamy oýlap tapdylar. Adaty aýnalardan tapawutlylykda, bu aýna özüne düşýän ýagtylygy diňe bir yza serpikdirmek bilen çäklenmän, ony öňünden bellibir şekile salýar. Özi-de muny hiç hili batareýasyz, ekransyz hem elektronikasyz ýerine ýetirýär. Bu täsin tehnologiýanyň syry ýörite düzülen optiki difraksiýa gatlagynda jemlenen. Paneldäki mikroskopik elementleriň ýerleşişi içgin öwreniji algoritmler arkaly anyk hasaplanýar. Şol elementler yza serpikýän ýagtylygyň ugruny we fazasyny üýtgedýär. Netijede, şöhleler özara birleşip, bellenen anyk bir şekili emele getirýär. Onsoň aýnanyň ýüzünde islendik zat görnüp biler – ýa pandanyň ýüzi görner, ýa san, ýa-da başga bir zadyň sypaty. Bu enjamyň fiziki taýdan işleýşi golografiýa çalym edýär, emma bu ýerde şekiliň emele gelmegi güýçli dar şöhle däl-de, islendik düşýän ýagtylygyň yza serpikmegi arkaly amala aşyrylýar. Häzirki tapgyrda «ýalançy aýnanyň» synag nusgalary gyzyl, ýaşyl we gök ýagtylyk akymlaryny gaýtadan işläp bilýärler. Geçirilen synaglarda alymlar eşigiň şöhlesini torbanyň şekiline, ýönekeý eskizleri bolsa çylşyrymly görnüşlere öwürmegi başardylar. Şeýle täsirli netijelere garamazdan, awtorlar tehnologiýanyň heniz irki tapgyrdadygyny boýun alýarlar. Häzirki synaglar diňe barlaghana şertlerinde geçirilýär. «Ýalançy aýnanyň» ýagtylygyň çar tarapa ýaýraýan hakyky durmuş şertlerinde netijeli işlemegi üçin goşmaça barlaglar we çylşyrymly köp gatlakly gurluşlary döretmek zerur bolar. Eger hünärmenleriň azaby ýerine düşse, geljekde bu tehnologiýanyň optiki gizlemek ulgamlary, gorag tehnologiýalary we güýmenjeler pudagy üçin ýaramly bolmagy ähtimal.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir