Türkmenistanyň Prezidenti Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Belgradda (Serbiýa) geçiriljek «EXPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin ýurduň milli pawilýonyny gurmaga we gurnamaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär. Resminama Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek we daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Ministrlige Türkmenistanyň sergä gatnaşmagy üçin zerur bolan beýleki degişli işleri hem geçirmäge rugsat berildi. «EXPO-2027» Belgradda 2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgusty aralygynda «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen mowzuk astynda geçiriler. Ol Günbatar Balkan ýurtlarynda şeýle derejedäki ilkinji ýöriteleşdirilen sergi bolar. Guramaçylar 4 milliondan gowrak myhmany we 130-dan gowrak gatnaşyjy ýurdy kabul etmäge taýýarlanýar. Sergi toplumynyň meýdany 25 gektara deň bolar.