Baltik deňziniň meşhur şypahanalarynda we Germaniýanyň demirgazygyndaky köllerde dowamly jokrama yssy sebäpli zäherli gök suwotular çaltlyk bilen köpelip başlady. Käbir ýerlerde häkimiýetler eýýäm suwa düşmegi gadagan etdiler diýip, DPA habar berýär. Kosmosdan alnan suratlar Rostok bilen Hiddenzeýe aralygyndaky kenarda suwotularyň uly üýşmeginiň emele gelendigini görkezýär. Şeýle-de olar içki suw akymlary arkaly Daniýanyň kenarýakalaryna çenli ýaýraýar. Ýerli häkimiýetler sebitdäki birnäçe etraplaryň süýji suwly köllerinde suwa düşmegi bütinleý gadagan etdiler. Baltik deňziniň birnäçe kenarýaka dynç alyş zolaklarynda suwa düşmegiň howpludygy barada duýduryşlar goýuldy. Dynç alýanlara suwotularyň toplanan ýerlerinde suwa girmezlik maslahat berilýär. Zäherli suwotularyň nirede ýaýrandygyny suwuň ýaşylymtyl reňkinden we dörän ýagly gatlakdan bilip bolýar. Meklenburg-Öňki Pomeraniýanyň saglygy goraýyş müdiriýetiniň DPA habarlar gullugyna beren düşündirişine görä, bu suwotular aslynda sianobakteriýalardyr. Olar düzüminden howply zäherleri bölüp çykarýar. Olar bilen galtaşmak allergiýanyň döremegine getirip bilýär, deride we nemli perdelerde (göz, burun, agyz boşlugy) gijelewük döredýär. Suw tötänden ýuwdulan halatynda adamyň ýüregi bulanýar. Suwotularyň ýaýramagyna şu ýyl Ýewropanyň uly bölegine täsirini ýetiren dowamly yssyçylyk sebäp boldy.