«Lans» Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda «Pari Sen-Žermeni» 1:0 hasabynda utup, öz taryhynda ilkinji gezek bu kubogy gazandy. Oýun Lans şäherindäki «Bollar-Delelis» stadionynda geçirildi. Duşuşykda ýeke-täk goly 32-nji minutda «Lansyň» ýarymgoragçysy Florian Towen geçirdi. Az wagtdan soň, 39-njy minutda topar azlykda galdy. Goragçy Killian Antonio meýdançanyň ortasynda Akliuşa garşy gödek oýnandygy üçin oýundan çykaryldy. 77-nji minutda emin «PSŽ-niň» ýarymgoragçysy Fabian Ruisiň goluny ofsaýd sebäpli hasaba almady. 87-nji minutda bolsa toparlaryň meýdandaky oýunçy sany deňleşdi – Nunu Mendeş garşydaşynyň ýüzüne tirsegi bilen urany üçin gyzyl kart aldy. Oýnuň ahyryna çenli hasap üýtgemedi we duşuşyk «Lansyň» peýdasyna tamamlandy. «PSŽ» bolsa öz taryhynda altynjy gezek Superkubogy elden gidirdi. Geçen möwsümiň netijeleri boýunça Luis Enrikäniň topary 34 tapgyrda 76 utuk toplap, Fransiýanyň çempiony bolupdy. «Lans» bolsa Fransiýanyň Kubogynyň finalynda «Nissa» toparyny 3:1 hasabynda utdy. 2026-njy ýyla çenli «Lans» ýurduň Superkubogy ugrundaky duşuşyga diňe bir gezek — 1998-nji ýylda gatnaşdy, şonda topar «Pari Sen-Žermenden» (0:1) utulypdy. 30 ýyla golaý wagt geçenden soň «Lans» rewanş almagy başardy. Şu wagta çenli «Lans» öz taryhynda bir gezek Fransiýanyň çempiony, bir gezek Fransiýanyň Kubogynyň eýesi, şeýle hem iki gezek Fransuz ligasynyň kubogynyň ýeňijisi bolupdy. Halkara meýdançada bolsa klub iki gezek Intertoto kubogyny gazandy. Indi klubuň gazanan üstünliklerine ýurduň Superkubogy hem goşuldy.