Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prabowo Subianto tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Indoneziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Indoneziýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk gününiň taryhy 1945-nji ýylyň 17-nji awgustyndan gaýdýar. Şol gün ýurduň milli liderleri Sukarno we Mohammed Hatta tarapyndan Indoneziýanyň özbaşdaklygyny hem-de garaşsyzlygyny yglan edýän taryhy Jarnama kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir