Inçhon halkara aeroporty Günorta Koreýanyň taryhynda ilkinji gezek dünýäde iň köp ýolagçy kabul eden aeroport hökmünde ykrar edildi. Aeroportlaryň halkara geňeşiniň (ACI) deslapky maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Günorta Koreýanyň baş howa derwezesi bütin dünýäden 38,39 million ýolagça hyzmat etdi. Bu sanlaryň gutarnykly tassyklanmagyna sentýabr aýynda, World Airport Traffic Report hasabaty neşir edilenden soň doly tassyklanylar. Häzirki reýtingde ikinji orny 37,79 million ýolagçy sany bilen Londonyň Hitrou aeroporty, üçünji orny bolsa Singapuryň Çangi aeroporty (34,53 million) eýeleýär. Aeroportuň administrasiýasy gatnawyň birden beýle artmagynyň sebäbini Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlyk bilen baglanyşdyrýar. Bu ýagdaý ýolagçy akymynyň ugrunyň üýtgemegine getirdi, netijede köp sanly ýolagçylar Dubaýdaky uçar çalşyrýan duralgalaryndan ýüz öwrüp, Gündogar Aziýanyň üsti bilen geçýän ugurlary saýlap başladylar. Aýratyn-da, üstaşyr geçýän ýolagçylaryň sanynda uly ösüş gözlenilýär: birinji alty aýda beýle ýolagçylaryň sany 18,1% artyp, 4,24 million adama ýetdi. Şunlukda, Inçhonuň üsti bilen Ýewropa edilýän tranzit uçuşlara bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende 63,2% artdy. 2001-nji ýylda açylan Inçhon örän çalt depginler bilen ösýär. Ol 2002-nji ýylda dünýä reýtinginde onunjy orny eýelän bolsa, 2024-nji we 2025-nji ýyllarda eýýäm üçünji orna ýetipdi. Giňeltmek boýunça geçirilen uly taslamadan soň, bu habyň ýyllyk geçirijilik ukyby 106 million adama ýetdi. Şol bir wagtda seljerijiler ýylyň netijesi jemlenende Dubaýyň Halkara aeroportunyň dünýäniň iň köp ulanylýan bäş halkara aeroportunyň hataryndan çykjakdygyny çaklaýarlar.